Dänew etrabynyň «Babadaýhan» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän «Beýik geljek» daýhan hojalygy 2017-nji ýylda telekeçi Batyr Rahmedow tarapyndan esaslandyryldy. Häzirki wagtda hojalykda uzakmöhletleýin kärendesine alnan 1500 gektar ýeri bolup, şonuň 70 göterimine gowaça, bugdaý ýaly esasy oba hojalyk ekinleri ekilýär. Galan 30 göterimine aralyk hem-de ot-iýmlik ekinler ekilýär.
— Bu bolsa maldarçylyk önümlerini öndürmek bilen meşgullanmaga hem mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda toplumda iri şahly mallaryň 160-sy idedilýär. Şolaryň 50-sinden günde 1 tonna golaý süýt alynýar. Munuň özi halkymyzyň süýt önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmaklyga mynasyp goşantdyr.
Geljekde maldarçylyk toplumymyzyň ýanynda süýt önümlerini gaýtadan işleýän kärhanany gurmagy hem meýilleşdirýäris. Toplumda işleriň esasy bölegi döwrebap tehnikalaryň kömegi bilen ýerine ýetirilýär. Bu ýerde işgärleriň 50-si zähmet çekýär — diýip, maldarçylyk toplumynyň başlygy Gedaýdurdy Huddyýew aýdýar.
Daýhan hojalygynyň çäginde ösen tehnologiýalar ornaşdyrylan döwrebap ýyladyşhana hem ýerleşýär. Ol 1,9 gektar meýdany eýeleýär. Ýyladyşhananyň 1,5 gektaryna her möwsümde pomidor şitilleri ekilýär. Üstümizdäki ýylda 350 tonna pomidor hasylyny ilatyň saçagyna hödürlemek maksat edinilýär.
Ýyladyşhananyň galan böleginde bolsa ýertudanasy ýetişdirilýär. Möwsümde her 2-3 günden 25—30 kilograma çenli ýertudanasy ýygylýar.
Dänewdäki daýhan hojalygy köpugurly oba hojalyk işleri bilen meşgullanýar

14
Jun