Dänew etrabynyň «Mekan» daýhan birleşiginde 1279 gektar ýere ekilen gowaçadan 4290 tonnadan gowrak hasyla garaşylýar.
Şu günlerde hojalykdakk kärendeçiler toparlarynyň 11-si pagta ýygymyna guramaçylykly girişmäge taýýar. Hangeldi Kurbandurdyýewiň baştutanlygyndaky 8-nji kärendeçiler topary şu ýyl 354 gektar meýdanda gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirdi. Gowy ideg edilendigi daşky görnüşinden bildirip duran gowaçalaryň hersinde 45-50 goza bar.
Toparda gujur-gaýrata beslenen kärendeçileriň kyrka golaýy zähmet çekýär. Olar geçen ýyllarda hem her gektar gowaça meýdanyndan ortaça 40—45 sentner hasyl ýygnapdyrlar.