Dänew etrabyndaky 21-nji çagalar bakja-bagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly bilen baglanyşykly «Biz ýaşajyk çapyksuwarlar» atly dabaraly maslahat geçirildi.
Ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, täze ýylyň şygarynyň çuňňur mazmunyny düşündirmek, şeýle hem körpelerde milli mirasymyza söýgi döretmek maksady bilen geçirilen bu çärä etrap bilim bölüminiň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, şeýle hem çagalar baglarynyň usulçy-terbiýeçileri gatnaşdylar.
Onuň dowamynda täze ýylyň şygary bilen baglanyşykly alnyp barylmaly işler, nesil terbiýesinde milli mirasymyzyň tutýan orny, körpeleriň arasynda ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly geçirilmeli işler dogrusyndaky çykyşlar diňlenildi. Maslahatyň dowamynda körpe nesliň arasynda bedew atlar bilen baglanyşykly oýunlar guraldy.
Dänewdäki çagalar bagynda bedew ýyly bilen bagly maslahat geçirildi
26
Jan
