BILIM

Dänewdäki baýramçylyk dabarasy hasyl toýuna bagyşlandy

Dänew etrabyndaky bilim ojaklarynda bosagada duran Hasyl toýy mynasybetli köpsanly çärelerdir baýramçylyk dabaralary geçirilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşi bilen bilelikde Dänew etrabynyň 39-njy orta medebinde geçirilen aýdym-sazly dabara hem bu şanly senä bagyşlandy. Oňa etrabyň mekdeplerinden mugallymlardyr göreldeli okuwçylar hem gatnaşdylar.
Dabaranyň dowamynda okuwçylaryň arasynda ýurduň oba hojalyk ulgamy boýunça gysga zehin bäsleşigi hem guraldy. Onuň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: