Dänew etrap kitaphanasynda döredijilik duşuşygy geçirildi
Dänew etrap kitaphanasynda “Garaşsyz Watanda iller bagtyýar” diýen at bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa bilim we kitaphana işgärleri, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar, mekdep okuwçylary gatnaşdylar.
Dusuşykda nusgawy şahyrlaryň edebi mirasyny öwrenmekde, milli medeniýetiň gymmatlyklaryny halkyň arasynda wagyz etmekde, dünýä ýaýmakda durmuşa geçirilýän beýik işlere bagyşlanan çykyşlar diňlenildi.
Şeýle hem mekdep okuwçylary berkarar döwleti, ýurt parahatçylygyny, halkyň bagtyýarlygyny wasp edip ýazan goşgularyny okadylar. Duşuşyga gatnaşyjylar kitap sergisini hem synladylar. Sergide mukaddes Garaşsyzlyga bagyşlanyp çap edilen neşir önümleri görkezildi.