JEMGYÝET

Dänew etrap hassahanasynyň durky täzelenýär

Şu günler Dänew etrap hassahanasynyň durkuny täzelemek işleri tamamlaýjy tapgyrlarda dowam edýär.

1984-nji ýylda gurlup, ulanylmaga berlen etrap hassahanasynyň durkuny täzelemek bilen baglanyşykly gurluşygy «Bäş ýol» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary alyp barýarlar.

Indiden beýläk döwrebap hassahanada dowamly böwrek ýetmezçiliginden ejir çekýän näsaglara edilýän hyzmat has ýokary derejä göteriler. Diňe bir şu gemodializ-böwrek ýetmezçiligini bejeriş otagynda Germaniýa döwletinde öndürilen häzirkizaman lukmançylyk enjamlarynyň dördüsi gurnaldy. Kabul ediş bölüminden başlap, ähli bölümlerde näsaglaryň kesellerini anyklamak üçin ähli şertler döredildi. Radiologiýa otaglarynda kompýuter tomografiýa, stasionar san görkezijili rentgen, şekili sanly işläp çykaryjy flýurograf, san görkezijili monmograf, san görkezijili göçme rentgen, stomatologiki rentgen, stomatologiki panorama rentgen, ehokardiografiýa enjamlary näsaglara hyzmat eder. Täze hassahanada maslahat beriş, fizioterapiýa, kabul ediş, kesel anyklaýyş, barlaghana we beýleki kesel bejeriş bölümleri ýerleşýär. Ulularyň bejerilýän bölüminde ýörite enjamlaşdyrylan operasiýa otagy bar. Çaga dogruş we saglygyny goraýyş bölümlerinde hem iň häzirkizaman enjamlary işlediler. Aýratyn binada iç kesellerini bejerýän bölüm ýerleşýär. Olaryň ählisinde eýýäm ilata dünýä derejesinde ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlaryny etmäge mümkinçilik berýän dünýäniň öňdebaryjy döwrebap lukmançylyk enjamlary oturdylýar. Şeýle hem hassahananyň içinde we howlusynda bejergi alýan näsaglaryň gezelenç etmekleri hem-de hossarlary bilen hal-ýagdaý soraşmaklary üçin gök zolak hem göz öňünde tutulypdyr. Mundan başga-da, bu ýerde kislorod desgasy gurlupdyr. Dermanhana, edara otaglary, ammarlar hem-de beýleki zerur binalar hem eýýäm taýýar. Şu ýerde ýene bir ýagdaýy guwanç bilen ýatlap geçesimiz gelýär: Daniýa, Ýaponiýa, Germaniýa, Awstriýa, Italiýa, Ispaniýa, Şweýsariýa, Günorta Koreýa, Türkiýe, Wengriýa ýaly ýurtlardan getirilen lukmançylyk enjamlarynyň sany 1500-e golaýlaýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: