BILIM

Dänew etrap bilim bölümi 2024-nji ýyly üstünlikli jemleýär

2024-nji ýylda Dänew etrabynyň bilim işgärleri, okuwçylary döwlet we halkara
bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etdiler. Bu barada etrap bilim bölüminiň başlygynyň orunbasary Narmyrat Ýangibaýew welaýat neşirinde eden çykyşynda nygtady. Şolardan etrapdaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy Akja Haýdarowanyň «Ýylyň mugallymy — 2024» bäsleşiginiň welaýat tapgyrynyň ýeňijisi bolandygyny, okuwçylaryň köpsanlysynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy tarapyndan geçirilen internet olimpiadalarynda ýeňiş gazanandyklaryny nygtamak gerek. Etrapdaky 17-nji orta mekdebiň okuwçysy Yslam Mamurjanow «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ji tapgyrynda öňe saýlanmagy başardy. Etrabyň mekdep okuwçylary «Erudit» halkara maksatnamasynyň çäklerindäki internet olimpiadasynda, halkara D.I.Mendeleýew olimpiadasynda hem diýseň üstünlikli çykyş etdiler. Robototehnikaçy okuwçylar degişli
bäsleşigiň döwlet tapgyrynda birinji orny eýelediler.