BILIM

Dänew etrabynda ýaş hünärmenler işe başladylar

 Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerini tamamlan uçurymlaryň 32-si Dänew etrabynyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda-da işe başladylar.

Olar etrabyň bilim bölümi tarapyndan degişli mekdeplere we çagalar baglaryna işe ýerleşdirildi. Ýaşlaryň täze iş ýerleri bilen tanyşlygy guramaçylykly ýola goýuldy. 2022 — 2023-nji okuw ýylyna aýratyn taýýarlyk görýän ýaş hünärmenler şu günler tejribeli mugallymlardan iş usullaryny içgin öwrenýärler. Şonuň ýaly-da, şu günler etrabyň çägindäki orta mekdepleriň täze okuw ýylyna taýýarlygyna aýratyn üns berilýär. 

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: