Dänew etrabynyň ýöriteleşdirilen 17-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Dänew etrap Geňeşiniň, etrap Bilim bölümi bilen bilelikde gurnamagynda etrabyň orta mekdepleriniň 8-12-nji synp okuwçy gyzlarynyň arasynda geçirilýän «Iň uzyn saçly gyz-2025» atly bäsleşiginiň etrap tapgyryny geçirdi.Oňa bäsleşigiň mekdebara tapgyrynda ýeňiji bolan iň uzyn saçly gyzjagazlaryň onlarçasy gatnaşdy.
Gyzykly geçen bäsleşikde etrapdaky 27-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Aýlar Umarowa 1-nji orna, 18-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Bahar Baýramowa 2-nji orna, 3-nji orna bolsa Dänew etrabynyň ýöriteleşdirilen 17-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Selbi Muradowa, Dänew etrabynyň 24-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Selbi Jeýhunowa, Dänew etrabynyň 26-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Mähriban Hasanowa dagylar mynasyp boldylar.
Bäsleşigiň ýeňiji gyzlaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Dänew etrap Geňeşiniň Hormat haty we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Dänew etrabynda-da iň uzyn saçly gyz kesgitlenildi

14
Mar