MEDENIÝET

Dänew etrabynda behişdi bedewlere bagyşlanan sergi guraldy

Dänew etrap medeniýet öýünde «Gadamy batly bedewler — ösüşleriň nyşany» atly döredijilik sergisi geçirildi. Bu çärä medeniýet öýüniň çeper höwesjeňleri we etrap çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary özleriniň taýýarlan işleri bilen işjeň gatnaşdylar. Serginiň dowamynda ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny, owadanlygy we ýyndamlygy baradaky gymmatly maglumatlar giňden beýan edildi.
Serginiň merkezinde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň türkmen bedewlerine bagyşlap ýazan eserleri aýratyn orun eýeledi. Gatnaşyjylar bu kitaplardan bölekleri okap, dünýä belli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan halkara üstünliklerini görkezýän suratlar bilen tanyşdylar. Bu medeni çäre ildeşlerimiziň milli gymmatlygymyz bolan bedewlerimize bolan buýsanjyny has-da artdyrmaga hyzmat etdi.