BIZE YAZYARLAR

Däli derýa

Amyderýa bu diňe bir derýa bolman eýsem ol çylşyrymly bir derýa ulgamydyr. Ol häzirki wagtay 7 döwletiň çäginden akyp geçmek bilen döwletleriň esasy suw baýlygy hasaplanýar. Bu derýa şol bir wagtyň özünde Owganystan bilen Täjigistanyň, Türkmenistan bilen Özbegistanyň serhedi bolup hem çykyş edýär.
Derýanyň umumy uzynlygy 2400 km bolup onuň ahyrky guýýan nokady Aral deňzi hasaplanýar. Merkezi Aziýanyň esasy suw çesmesi hasaplanýan Amyderýa birnäçe maglumatlarda eýýäm XIII-XIV asyrlarda Aral deňzine guýmasyny azaldyp başlapdyr.
Bu derýa birnäçe döwürleriň dowamynda syýahatçylaryň, ýazyjylaryň üns merkezinde bolup gelipdir. Dürli döwürlerde Amyderýany dürli atlar bilen atlandyrypdyrlar. Ýagny Oksus, Waksu, Jeýhun, Sind ýaly atlary taryhda tutulup geçilýän bu derýa häzirki Amy adyny, Amyderýa adyny Türkmenabat şäheriniň
çäginde ýerleşen gadymy Amul şäherinden alan diýlip edebiýatlarda duş gelinýär.
2018-nji ýylda Beýik Ýüpek ýolunuň çägindäki gadymy şäherlerde, gadymy galalarda arheologlar tarapyndan gazuw agtaryş işleri geçirilende, öwrenilende Amul şäherini öwrenijiler birnäçe taryhy maglumatlary gaýtadan dikeltdiler. Amul şäheri öz döwründe Beýik ýüpek ýolunuň başlangyjy, kerwenleriň esasy ýöreýän merkezi hasaplanypdyr.

ŞERIPOWA Güljahan,
S.A.Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta
hünär okuw mekdebiniň talyby

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: