Dag-dereli Watanym
Zemine keşt edip, aýlanyp çyksaň
Tapylmaz beýle ýurt, näçe ýol geçseň
Çaýlaryndan akýan suwundan içseň
Dag-dereli Türkmenistan Watanym
Çöllerinde ösýär dermanlyk otlar
Içseň şypa berer, azalar dertler
Gezelenje geler ençeme ýurtlar
Arkadagly Türkmenistan Watanym
Jeýhun derýaň datly suwun içýäris
Täze-täze gapylary açýarys
Arzuwlarmyz hasyl bolup, uçýarys
Toý-baýramly, şagalaňly Watanym
Pyragymyz öçmez yzlar galdyran
Şygyrlary, şaý-sepleri ozduran
Oň adyny giň jahana dolduran
Arkadag Serdarly eziz Watanym
Parahatlyk, ynanyşmak ýylynda
Ýaşaýarys biz ajaýyp zamanda
Şan-şöhratyň has belende galandyr
Giň döwletli bir supraly Watanym
Selbi IMAMOWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň III-nji ýyl talyby