Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi boldy. Oňa bu baýrak Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýörite Permany bilen gowşuryldy.
Dänew etrabynda doglan, önüp-ösen we ýokary bilimi Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda alan Çynar Rüstemowa häzir ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary bolup işleýär. Ol Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň halkara derejesinde bellenilmegi üçin uly tagallalary etdi. Şeýle hem ÝUNESKO-nyň şahyryň dürdäne eserlerini abraýly saanwlaryna goşmagyny gazandy.