LUKMANÇYLYKMEDENIÝET

Çumakow adyndaky Merkez kowidden täze waksina döreder

Çumakow adyndaky Merkeziň mör-möjekleriň wirusa meňzeş bölejikleriniň esasynda koronawirus infeksiýasynyň öňüni almak üçin waksinanyň üstünde işleýändigi barada merkeziň baş direktory, Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň habarçy agzasy Aýdar Işmuhametow ylymlar akademiýasynyň umumy ýygnagynda habar berdi, diýip «ТАСС» ýazýar.

Alym inaktiwirlenen bütin wirion waksinalaryň platformanyň esasynda  täze ştammlaryň garşysyna serişde taýýarlap boljakdygyny belledi.

Ozal Çumakow adyndaky Merkeziň kuwwaty müň litre barabar bolan täze biohimiki reaktory oturdyp, koronawirusyň garşysyna bütin wirion inaktiwirlenen «Kowiowak» waksinasynyň önümçiliginde modernizasiýa geçirilendigi habar berilipdi. Bu waksinanyň öndürilişini has artdyrmaga we ony çykarmak boýunça ozal bellenen meýilnamany iki esse köpeltmäge mümkinçilik berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: