YLYM WE TEHNIKA

«Crew Dragon» älem gämisi ýolagçy ekipažy bilen suwa gondy

Ekipažy dolulygyna raýatlardan durýan «Crew Dragon» älem gämisi Florida ştatynyň kenaryndan uzak bolmadyk ýerde Atlantika ummanyna suwa gondy. Bu barada «ТАСС» habar berýär.

Gämi ýeriň töweregindäki orbitada üç gije-gündizläp boldy. Şu wagtda ekipažyň agzalary birnäçe ylmy barlaglary geçirdiler. Synaglar agramsyzlyk ýagdaýynyň adamyň bedenine nähili täsir edýändigi bilen bagly boldy. «SpaceX»-niň maglumatlaryna görä, barlagyň netijeleri «adamlaryň saglygyny ýerde, şonuň ýaly-da geljekki uçuşlaryň döwründe saklap galmak üçin ähmiýetli bolar».

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: