LUKMANÇYLYK

«COVID-19»-yň ähli ştammlarynyň garşysyna netijeli serişde tapyldy

Britan alymlary ösümlikden alynýan tapsygargin serişdesiniň «SARS-CoV-2» wirusynyň üç ştammynyň garşysyna edýän täsirini barlap gördüler we ähli ýagdaýlarda hem onuň netijelidigini subut etdiler. Bu barada «rambler.ru» ýazýar.

Tapsigargin giň spektrli tasir edýän serişdedir. Ozal ony wirusly respirator keseleriniň üç görnüşini: «sowuklama» koronawiruslaryny, respirator-sinsitial wirusyny we A dümewlemesini bejermek üçin ulanýardylar. Dermanyň aýratynlygy wirusyň özüne däl-de, kesel ýokuşan öýjüge hüjüm edýändiginde we infeksiýanyň mutasiýa geçmeginiň öňüni alýandygyndadyr.