«COVID-19» entek köp saklanarmyka?
Sanjym geçirilişiniň häziri gidişi bilen bütin dünýäde pandemiýa 2022-nji ýylda ýok bolup gitmez, diýip Rospotrebnadzoryň «Wektor» wirusologiýa we biotehnologiýa döwlet ylmy merkeziniň Ýekaterinburgdaky şahamçasynyň ýolbaşçysy Aleksandr Semýonow «РИА Новости» agentligine aýtdy. Ol geçen ýyllaryň tejribesiniň, hususanda, gonkong dümewlemesiniň pandemiýany doly ýok etmek üçin iki-üç ýylyň gerekdigini subut edendigini, munuň toparlaýyn immunitetiň emele gelişiniň depginine baglydygyny belledi.