LUKMANÇYLYK

«COVID-19»-dan tabletka görnüşindäki birinji derman bellige alyndy

Britaniýada «COVID-19»-dan tabletka görnüşindäki birinji derman bellige aldylar.

«Molnupirawir» täsir ediji maddaly serişdäniň wirusa garşy güýçli täsiri bar, ol kesel ýokuşan adamyň organizminde «SARS-CoV-2» koronawirusyň köpelmegini basyp ýatyrýar. Netijede kesel çalt we ýeňil geçýär. Kliniki barlaglar geçirilen wagty şu derman içirilende, «COVID-19» bilen kesellänler adaty usul bilen bejerilýänlerden iki esse az keselhana düşüpdir. Bu barada «ВВС»-ä salgylanmak bilen «Российская газета» ýazýar.

Iň esasy zat: «molnupirawir» «Covid-19»-dan bejermek üçin ilkinji içilýän dermandyr, ony ambulator ýagdaýda ulanyp bolýar. Häzire çenli koronawirusa garşy dermanlary sanjym ýa-da damara damjalaýyn arkaly goýbermek bilen bejerýärdiler we ony diňe keselhanalarda ulanýardylar.

Monupirawir «Merck», «Sharp and Dohme» (MSD) we «Ridgeback Biotherapeutics» amerikan derman kompaniýalary tarapyndan işlenilip taýýarlanyldy. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habar bermeklerine görä, ony satyn almak üçin 1 milliard dollar harç etmegi meýilleşdirýän bolsalar hem, entek ol ABŞ-da bellige alynmady.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: