YKDYSADYÝET

Çörek we çörek önümleriniň bolçulygy döredilýär

Hususyýetçi Rozymyrat Töräýew önümhanasynda şu ýylyň geçen ýanwar-fewral aýlarynda çörek we çörek önümleriniň 70 tonnadan gowragy öndürildi.  Şonda 678 müň manatlyga ýakyn iş edildi.

Şeýle-de geçen döwürde süýji-köke önümleriniň hem 23,6 müň manatlykdan gowragy öndürilip, içerki bazara ugradyldy.

Geçen ýylda çörek we çörek önümleriniň 823 tonnasyny, süýji-köke önümleriniň 44 tonnasyny öndürip, 8 million 443 müň manatlyga ýakyn önüm öndüren telekeçi geljekde önümçilik görkezijilere has-da artdyrmagy maksat edinýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: