DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Çölde ýaşaýan gurbagalar barada eşidipmidiňiz?

Ylmy dilde «Breviceps macrops» diýlip atlandyrylýan gurbagalar adaty
görnüşlerden tapawutlylykda çölde ýaşamaga ukyplydyrlar.
Günorta Afrikanyň we günbatar Awstraliýanyň gurak ýerlerinde ýaşaýan bu jandarlaryň ýaşamagy üçin ygalyň ýyllyk derejesiniň 7 santimetr bolmagy ýeterlikdir.
Bu gurbagalaryň ululygy bary-ýogy 5—7 santimetr bolup, liçinkalaryň,
gurçuklaryň we garnynyň üstündäki ýuka gatlakdan bölünip çykýan çygyň hasabyna ýaşaýarlar. Olar bütin gününi gumuň yzgarly ýerlerinde geçirýärler we diňe gijesine awa çykýarlar. Has gurak howa şertlerinde olar 1 metre çenli çuňluga gömülýärler. Olar diňe ýagyşly howada köpelýärler we 500-e çenli ýumurtga guzlaýarlar.