YKDYSADYÝET

Çohpetdeli pagtaçylar 1010 gektar meýdanda gowaça ösdürip ýetişdirýärler

Halaç etrabynyň «Çohpetde» daýhan birleşiginde üstümizdäki ýylda 1010 gektar meýdana gowaçanyň «Ýolöten-39» we Özbegistan Respublikasynyň «Buhara-10» görnüşleriniň tohumy ekildi. Gowaça ekişi irki möhletde tamamlandy we meýdanlarda gowy gögeriş gazanyldy. Häzirki wagtda ýaş gowaçalaryň hatar aralaryny bejermek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we idegini talabalaýyk alyp barmak işleri dowam edýär. Bu işlerde daýhan birleşiginiň hem-de etrabyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň mehanizatorlary pagtaçylara ýardam berýärler.
Daýhan birleşiginiň mehanizatorlary Şanazar Abdyllaýew, Batyr Hudaýnazarow, Jumamyrat Jumaýew dagy günde 8 — 9 gektar meýdanda bejergi geçirýärler. Hojalykda Gözel Kadyrowanyň ýolbaşçylyk edýän 1-nji, Gandymguly Baýekowyň ýolbaşçylyk edýän 2-nji, Rozygeldi Akyýewiň ýolbaşçylyk edýän 4-nji kärendeçiler toparlary öňdebaryjy toparlaryň hatarynda görkezilýär. Daýhan birleşiginiň ykdysatçysy Almaz Hudaýkulowyň aýtmagyna görä, hojalyk boýunça 3110 tonna pagta öndürmek meýilleşdirilýär. Tejribeli kärendeçiler Aýjemal Abdyllaýewa, Akjagül Baýekowa we Merdan Akyýew geçen hojalyk ýylynda her gektardan 40 sentnerden ýokary hasyl alyp, şu ýyl bu görkezijini 45 — 50 sentnere ýetirmegi maksat edinýärler.