DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

«Coca-Cola» täzelenişe gitmekçi

«Coca-Cola» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jeýms Kuinsi garaşylan netijäni bermedik käbir brendleri aradan aýryp, täze başlangyçlara ýol açmakçy bolýandyklaryny aýtdy. Bu barada «Financial Times» neşiri habar berýär.
Aýdylyşyna görä, kompaniýanyň 400 brendiniň deň ýaryndan gowrak garaşylan netijäni berenok. Käbiri bolsa bazarda örän az isleg gazanýar. Şonuň üçin kompaniýa käbir täzelenişe gitmekçi.
«Bu tutum bize «Minute Maid», «Simply», «Topo Chico» ýaly geljegine uly umyt bildirilýän brendler üçin sermaýa aýyrmaga ýardam berer» diýip, baş direktor aýdýar.
Ýeri gelende aýtsak, ýakynda «Coca-Cola» degişli «Odwalla» kompaniýasy hem brende islegiň azlygy üçin ýapylypdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply