Çilim — jana zulum
Dünýäde ynsan saglygyna we jemgyýete ýaramaz täsir edýän närseleriň arasynda temmäki esasy orny eýeleýär. Çilimiň adam bedenine ýetirýän zyýany bimöçberdir. Adam bedeninde temmäkiniň zäherleýji maddalarynyň täsir etmeýän agzasy ýokdur.
Hassahanamyza ýüz tutýan raýatlar flurografiýa we rentgenografiýa barlaglaryndan geçirlende öýkeniň täze döremesiniň 90 göteriminiň çilimkeşlige bagymly hassalarda has köp duş gelýändigini görýäris. Bu ýagdaýda öýkende ýekeje düwün tapylsa, onuň howpsuz düwün bolmagy hem mümkindigini, ýa-da öýkeniň howply täze döremesi bolmagynyň ahmaldygyny biz — lukmanlar hassalara düşündirýäris. Olara şeýle hem çilim çekýän adamlarda öýkeniň we gyzylödegiň täze döremesi, bronhit, aşgazanyň ýara-baş keseli, miokardyň infarkty, stenokardiýa ýaly keselleriň döremäk howpunyň yokarydygyny hem ýatladyp geçýäris.
Çilim çekmeýän bolsaňyz, öýkeniň täze döremesiniň töwekgelçiligi hassada azdyr. Öýkeniň düwünleriniň 90 göterimi howpsuzdyr. Ýöne öýkeniň täze döremesi bilen oýun eder ýaly hem däldir. Bu derdiň döremeginde bolsa çilimkeşligiň ziýanly täsiri örän ulydyr.
Gynansak-da, çilimiň tüssesinde saklanýan zyýanly maddalar diňe bir çilimkeşiň däl-de, eýsem, onuň bilen aragatnaşykda bolýan adamlaryň, maşgala agzalarynyň hem saglygyna ýaramaz täsir edýär. Muňa olaryň çilim çekilen jaýda uzak wagtlap bolmagy, tüsseli howadan dem almagy sebäp bolýar. Adam çilim çekende zäherli maddalaryň 20-25% töweregi onuň bedenine aralaşýar, galan bölegi bolsa howa ýaýraýar. Diňe bir çilimkeşiň özi däl-de, eýsem, onuň ýanynda bolup, çilimiň tüssesi ýaýran howadan dem almaga mejbur bolýan adamlar hem zäherlenýär. Şeýle ýagdaý «passiw çilimkeşlik» diýlip atlandyrylýar.
Çilim çekmek endigi bilen näçe ir hoşlaşsaň, saglygy dikeltmek mümkinçiligi şonça-da köpelýär. Beden agzalarynyň we ulgamlarynyň işi dikelýär, dem almak, iýeniňi siňdirmek ýeňilleşýär, üsgülewük, myşsa agyrysy aýrylýar, arterial gan basyşy, puls kadalaşýar, deri, saç, dyrnaklar sagdynlaşýar, nerwler rahatlanýar, fiziki we akyl zähmetine işjeňlik ýokarlanýar.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly sagdynlyga, ruhubelentlige, sporta beslenip, adamlaryň kalby elmydama şatlykdan, buýsançdan doly bolsun!
Jemal Babaýewa,
welaýat onkologiýa hassahanasynyň radiologiýa bölüm müdiri.