- GIŇDIR DÜNÝÄ, GEŇDIR DÜNÝÄ

ÇILI BURÇUNYŇ ADAMA PEÝDASY

Çili gyzyl burçy italýanlaryň iň gowy görüp, ähli naharlaryna goşup iýýän ajy zadydyr.  Bu ýurtda ondan gadym döwürlerden bäri peýdalanyp gelýärler. Çili burçyny hat-da, berhiz tutýanlar hem uly howes bilen iýýärler. Ýöne olar bu iň ajy burç barada, onuň adam bedenine täsiri hakynda az bilýärdirler. Ýakynda ýurtdaky Ortaýerdeňizýaka Neuromed newrologiýa institutynyň alymlary  ony düýpli we çuňňur öwrenmek üçin synag işlerini geçirdiler. Onuň netijeleri barada alymlar “Eurekalert” diýen ylmy neşirde çykyş etdiler. Alymlaryň bellemeklerine görä, hepde-de dört gezek burç iýýän synaga gatnaşyjylar beýlekilerden 40 goterim iň howply keselleriň biri bolan ýürek-damar keselleri bilen az näsagladylar. Şeýle-de, geçirilen synag çili burçuny yzygiderli iýýänlerde kelleçanagyndaky beýnide gan aýlanşynyň beýleki adamlardakydan iki gezek az bozulýandygy we başga-da onuň adam bedenindäki köp zatlara kömek edýändigi anyklady.

(Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).

                                 Taýýarlan Allaýar ORAZOW.