YLYM WE TEHNIKA

«ChatGPT» bu 10 hünäriň soňy bolar

ChatGPT döredilenden soň, bütin dünýäde emeli intellekt sebäpli adamlaryň işsiz galjakdygy hakynda howsala döräp başlady. Käbirleri muňa goşulmady, başgalar bolsa bu howp barada duýduryş berýärler.

«Business Insider» neşiri «ChatGPT» sebäpli ýitip gitjek 10 hünäri çap etdi:

1. Tehniki işler (kodlaýjylar, programmistler, programma üpjünçiligi inženerleri);

2. Media işleri (mahabat, mazmun döretmek, göçürme ýazmak, žurnalistika);

3. Hukuk ugrundaky iş orunlary ( hukuk kömekçisi);

4. Marketologlar;

5. Mugallymlar;

 6. Maliýe iş orunlary (maliýe analitikleri, şahsy maliýe geňeşçileri);

7. Söwdagärler;

8. Grafiki dizaýnerler;

9. Buhgalterler;

10. Goldaw hyzmaty işgärleri.

Emeli intellekt baradaky çaklamalar, köplenç, ýalňyşdyr. Mysal üçin, Oksford uniwersitetiniň 2013-nji ýyldaky gözleginde 20 ýylyň içinde ABŞ-nyň iş orunlarynyň ýarysynyň emeli intellekt tarapyndan eýelenjekdigi çaklanyldy. Şeýle-de bolsa, bu umytlar şu wagta çenli amala aşmady. Golaýda «Goldman Sachs» hem umumy emeli intellekt gurallary sebäpli dünýädäki 300 milliondan gowrak işgäriň işsiz galmagyna garaşylýandygyny mälim etdi. Çaklamalar bar, ýöne täze tehnologiýanyň adamzady nähili döwre getirjekdigi nämälimdir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: