DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

«Chat Gpt»-ni döreden kompaniýa aýdym düzýän emeli aň programmasyny işläp taýýarlar

OpenAI saz döretmäge ukyply emeli aň modelini işläp taýýarlamaga başlady.
Taslama Amerikanyň meşhur Juilliard saz mekdebi bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar, bu okuw mekdebi saz notalaryny belliklemek işinde ýardam eder. Model tekst we audio görkezmeler esasynda saz döretmäge ukyply bolar we geljekde ChatGPT ýa-da Sora platformalaryna integrirlenip bilner.
Bu gural Google, Suno we Udio kompaniýalarynyň çözgütleri bilen bäsleşer. OpenAI saz döretmegi öz platformalaryndaky ulanyjylaryň gatnaşygyny artdyrmagyň we girdejileri köpeltmegiň bir ýoly hökmünde görýär. Häzirki wagtda bu platformalarda takmynan 800 million ulanyjy bar.