MEDENIÝET

Çeperçilik simpoziumy Türkmenabat şäherinde tamamlandy

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Döwlet guşy» simpoziumynyň welaýat tapgyrynyň jemleýji sergisi geçirildi.

Simpoziuma gatnaşyjylaryň eserlerinde taryhy ýadygärlikleriň, tebigatyň gözel ýerleri bilen baglanyşykly manzara eserleriniň dürli görnüşleri görkezildi.

Suratkeşleriň köpüsiniň işlerinde müňýyllyklardan bäri akyp duran gojaman Amyderýanyň bahar paslyndaky owadan görnüşleri, suw tolkunlary, türkmen tebigatyň gözellikleri,  ajaýyp duýgular dürli reňkleriň üsti bilen şekillendirilýär.

Serginiň çäginde Aşgabat şäherinden we Mary, Lebap welaýatlaryndan gelen nakgaşlaryň özboluşly reňk aýratynlygyna eýe bolan etýudlarynda we manzara eserlerinde türkmen halkynyň milli ýörelgeleri çeper suratlandyrylýar.

Ilkinji gezek suratkeşleriň arasynda guralýan simpoziumiň birinji tapgyry 3 — 8-nji aprel aralygynda Mary welaýatynda geçirilipdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: