«Çeper» tikin fabriginde okuwçylar üçin tahýa tikip başladylar
Daşoguzyň «Çeper» tikin fabriginde okuwçylara niýetlenen tahýanyň birinji tapgyry öndürildi. Bu başgap mekdep eşiginiň sanawyna girýär. Şeýle başgap tikmek üçin kärhana ýörite enjam satyn aldy.
Şonuň ýaly-da, bu ýerde gyzlar üçin mekdep köýnegini we penjegini, zähmet sapagynda geýmek üçin eşik hem tikip başladylar. Önümleriň ählisini söwda nokatlaryna, şeýle hem. adatça, awgust aýynda işläp başlaýan mekdep bazarlaryna ibermek göz öňünde tutulýar.