BILIM

Çeper okaýyş bäsleşigi geçirildi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan yzygiderli
geçirilýän bilim we döredijilik bäsleşikleri «Kitap ― gözýetimiň örüsi» atly çeper okaýyş
bäsleşigi bilen dowam etdi. Oňa ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinden kitaphon
talyplar gatnaşdylar.
Dört şertden ybarat bolan bäsleşik serkerde şahyr Seýitnazar Seýdiniň doglan gününiň 250
ýyllygyna bagyşlandy. Onuň şertlerine laýyklykda, gatnaşyjy talyplar Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri», hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň
akyldary» atly kitaplary boýunça taýýarlanylan sowallara jogap berdiler, serkerde şahyryň
ömrüne, döredijiligine we onuň edebi mirasyny öwrenijilere bagyşlanan wideogörnüşleri
görkezdiler, şahyryň şygyrlaryny ýatdan okap, bu çykyşy täsirli prezentasiýalar bilen baýlaşdyrdylar, şeýle hem şahyryň «Goşa pudagym» dessanyndan bir parçany
sahnalaşdyrdylar. Çykyşlara edebiýatçy alymlar bilen bilelikde döredijilik we sungat işgärleri
eminlik etdiler.
Täsirli çykyşlara baý bolan bäsleşikde iň ýokary netijäni guraýjy institutyň talyby Nurmyrat
Aşyrowyň görkezendigini habar bermek ýakymlydyr. Ol bäsleşigi 37 utuk bilen jemledi.
Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda 36 utuk gazanan Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetiniň talyby Hoşgeldi Paýzyýew hem birinji orna şärik boldy.
Bäsleşikde zehinli talyplaryň üçüsi ikinji orna mynasyp görüldi. Olar biziň ýokary okuw
mekdebimizden Söhbet Maksadow, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä
dilleri institutyndan Daýanç Guwanjow we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetinden Oguljennet Akadowadyr. Türkmen ýaşlaryna dünýä dilleri boýunça hünär
berýän institutyň talyby Gurbanbagt Nuryýewa, Aba Annaýew adyndaky Atçylyk akademiýasyndan Safiýa Babaýewa, Türkmen oba hojalyk institutyndan Gözel
Haýytgulyýewa we Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda bilim
alýan Aýgül Nazarlyýewa dagy bolsa bäsleşikde üçünji orna mynasyp boldular. Öňdäki orunlaryň eýelerinden başga-da gatnaşyjy talyplar biziň ýokary okuw mekdebimiziň
Minnetdarlyk hatlaryna mynasyp görüldi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: