DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Çenden aşa yssa we sowuga çydamly täze material döredildi

Awstraliýaly alymlar skandiden, alýuminden, wolframdan we kisloroddan yssyda giňelmeýän, sowukda kiçelmeýän täze material döretdiler, diýip «mail.ru» habar berýär.Bu täsin material —2960C-den +11260C temperatura aralygynda üýtgemeýär.
Alymlaryň iň termodurnukly, hiç bolmanda, adamzat tarapyndan oýlanylyp tapylan iň termodurnukly materialyň birini döreden bolmaklary ähtimal. Adatdan daşary dürli temperatura şertlerinde işleýänler üçin onuň geregi çykar.
Aýratyn hem, material aerokosmiki dizaýnda ulanylyp bilner. Mysal üçin, raketanyň bölekleri kosmosda sowuk, uçurylan we düşen wagty bolsa gyzgyn temperaturalaryň täsirine düşýärler.
Ony garaşylýan gyzgynlygy onçakly üýtgemeýän, ýöne ýylylyk sähelçe üýtgese-de, agyr ýagdaýlary emele getirip biljek lukmançylyk implantantlaryny ýasamak üçin hem ulanyp bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: