UEFA Çempionlar ligasynda geçen agşam geçirilen çärýek final duşuşyklaryndan soň, ýarym finala çykan ilkinji iki topar belli boldy. Nobatdaky tapgyra Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» hem-de Madridiň «Atletiko» toparlary çykmagy başardy.
«PSŽ» myhmançylykdaky duşuşykda hem Angliýanyň «Liwerpulyny» 2:0 hasabynda ýeňdi. Parižlileriň düzüminde Usman Dembele 72-nji we 90+1-nji minutlarda tapawutlanyp, toparyna ynamly ýeňiş getirdi. Şeýlelikde, iki duşuşygyň jemi boýunça fransuz kluby dört gol aratapawudy bilen ýarym finala çykdy. «PSŽ-niň» indiki garşydaşy şu gün geçiriljek «Real Madrid» — «Bawariýa» duşuşygyndan soň belli bolar.
Beýleki oýunda Madridiň «Atletikosy» öz meýdançasynda «Barselonany» 2:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda hasaby 4-nji minutda Lamin Ýamal açyp, katalonlylara umyt berdi. Emma Fernando Torres 24-nji minutda, Ademola Lukman bolsa 31-nji minutda gol geçirip, madridlilere ýeňiş getirdi. Ilkinji duşuşykda hem «Atletiko» 2:0 hasabynda üstün çykypdy. Şeýlelikde, Madridiň topary ýarym finala adyny ýazdyrdy. Olar indiki tapgyrda «Arsenal» — «Sporting» jübütiniň ýeňijisi bilen duşuşar.
Çempionlar ligasynyň ilkinji ýarym finalçylary belli boldy
15
Apr

