Çelýabinskili metallurglar TOPH-niň gurluşygy üçin turba we beýleki gurluşyk önümlerini ibermäge taýýar
Bu we metallurgiýa zawodynyň gurluşygyna kömek bermek barada Türkmenistana iş saparynyň dowamynda Çelýabinsk oblastynyň gubernatory aýtdy.
Çelýabinskiniň kärhanalary TOPH-niň gurluşygy üçin turba gurluşykda gerek beýleki enjamlary ibermäge, şonuň ýaly-da, Türkmenistanda metallurgiýa zawodyny gurmaga kömek bermäge taýýar. Bu barada Çelýabinsk oblastynyň gubernatory Alekseý Teksler Türkmenistana iş sapary döwründe yglan etdi. Türkmenistanyň hökümet agzalary bilen duşuşygyň barşynda Çelýabinsk oblastynyň hyzmatdaşlyk etmek üçin beýleki mümkinçilikleri barada gürrüň berdi. Bu barada «Урал-пресс-информ» habarlar agentligi habar berýär, diýip, «centralasia.news» ýazýar.
Turba önümlerinden başga-da, Teksler elektrik izolýatorlaryny, armaturalary, elektrik geçiriji liniýalar üçin simagaçlary ibermegi teklip etdi.
Bulardan başga-da, Çelýabinsk «Урал» kysymly awtomobilleri, şonuň ýaly-da, beýleki gurluşyk tehnikalaryny, metallurgiýa we maşyngurluşyk önümlerini ibermäge taýýar. 2021-nji ýylda Türkmenistana 56 sany ýol gurluşyk tehnikalarynyň iberilendigi bellenildi.
Oba hojalyk ugrunda hyzmatdaşlyk babatynda durup geçmek bilen, oba hojalyk önümlerini, hususanda, unaş önümlerini, un, ýarmak, günebakar ýagy we beýleki önümleri ibermegi teklip etdi.