BIZE YAZYARLAR

ÇAÝ NOŞ BOLSUN JANYŇYZA

Çaý ösümlik hökmünde biziň eramyzyň 350 ýyllaryndan ekilip başlanýar.

Çaý gury ýerde farfor, faýans, çüýşe gaplarda saklanmaly. Çyg çekdigi çaý hilini ýitirýär. Çaý gabyny agzy açyk halda balyk, et ýaly harytlara golaý ýerde saklamak asla bolmaýar, ol töwerekdäki ýakymsyz yslary, çyglary özüne çekýär. Çaýyň gabynyň daşyna gurşun kagyz çekilmegi ýöne ýere däl.

Çaý agajy yssylygy, çyglylygy gowy görýär. Yssy ýurtlarda onuň üstüne äpet agaçlar saýa salsa-da gowy görýär. Çaý agajy gyrymsy agaç bolup, asla dökün istemeýär. Hatda düýbüni ýumşatmagyň hem geregi ýok. Çaýyň hili bolsa baldaklardan gögerip çykan ýaprajyklaryň terligine, näzikligine, onsoňam ýygylýan wagtyna bagly bolýar. Çaýyň näzijek ýapraklary guranynda näçe berk towlansa, çaýyň hili şonça-da gowy bolýar.

Çaýda adam organizmine zerur bolan ähli witaminler diýen ýaly bar.

Çaýyň täze ýapragynyň kaloriýalylygy çöregiňkiden 25 esse ýokary. Bir nahar çemçesi süýt hem bir bölek gant atylan bir stakan çaýda 50 kaloriýa bolýar, eger süýde derek bir nahar çemçesi gaýmak atylsa, ýüz kaloriýa bolýar.

Çaý adamyň iýmit siňdiriş organlarynyň kadaly işlemegine, içki organlarymyzy dürli mikroplardan, şeýle hem böwregiň, bagrymyzyň kem-käsleýin arassalanmagyna hem gowy täsir edýär.  Ýagly, etli, güýçli nahardan soň birki käse çaý ismek örän peýdaly. Çaý böwregiň, peşew çykaryşyň ýollaryny arassalamaga hem oňyn peýda edýär. Çaýy köp içýän hytaýlylarda, ýaponlarda ötde, peşew haltada daş döremek keselleri ýok diýen ýalydyr.

Çaý bagyrda, böwrekde, dalakda, böwrek üstündäki mäzde S witamininiň toplanmagyna ýardam edýär, şol organlaryň işleýşini sazlaýar, kesel adamlarda şol keselleriň tiz bejerilmegine peýda berýär.

Çaý dem alyş organlary – bronhuň, öýkeniň sowuklama, çişme kesellerinde iň peýdaly derlediji hem dem alyş prosesini kadalaşdyryjy närsedir.

Çaý adamy semizlik keselinden goraýan serişdeleriň biridir.

Çaýyň düzüminde bolan demir duzlary ganyň emele gelmegine, düzüminiň gowulanmagyna, ýürek-gan damarynyň saz işlemegine gaty gowy täsir edýär. Ol gan basyşyny hem kadalaşdyrýar. Çaý adamyň nerw sistemasyna meýmirediji täsir edýär. Türkmenleriň: «Çaý içip keýpimizi, akylymyzy durlaly» diýmesi ýönelige däldir.

Umuman, nähili kesele uçrasaň-da, çaý üçin berhiz ýokdur.

Çaý onlarça derdiň dermany bolmak bilen bir hatarda, adamyň keýpini sazlaýjy, şähdini açyjy, lezzet beriji serişdedir. Çaýyň lezzet bilen içilmegi üçin oňa dürli ýakymly yslar hem goşulýar.

Çaýyň peýdaly taraplary barada näçe gürleseň gürläp oturmaly. Biziň yssy howa şertimizde bolsa ol suwsuzlygy gandyryjy ajaýyp içgidir.

Çaýy farfor ýa-da faýanç çäýneginde demlenmeli. Çaý atmazdan ozal ony üç-dört gezek gaýnag suw bilen gowy çaýkamaly. Çäýnegiň özi gyzgyn suwa çaýkalmagy onuň gyzgynlygyny altmyş gradusa ýetirse gowy. Çaý gowy demini alýar.

Çaý demleýän çagyňyz töwerekdäki ýiti ysly azyk önümi, balyk ýagy, et ýaly zatlar bolmaly däl. Otda metal çäýnek ilki ses edip monjuklap köpük çykaryp başlar, ol mahal demlemek bolmaýar. Otdaky çäýnegiň jürünniginiň hiç bolman bir deşigi gaýnag suwdan ýokarda bolmaly, ol gerekmejek howanyň jürünniginden çykyp gitmegi üçin gerek. Çaý ak çeşme bolup gaýnap başladygy atym çaý atylan çäýnege gyzgyn suw guýmaly, eger gök çaý içýän bolsaňyz, çäýnegiň dörtden birine çenli, gara çaý içýän bolsaňyz» ýaryna çenli guýup saklanmaly, şondan soň çäýnegi doldurmaly, ýöne gapak bilen ortada bir santimetr aralyk boş bolmaly. Dessine çäýnegiň jürünnigini, gapagynyň deşiginiň üstüni ykjam ýapar ýaly kendir matadan edilen çaý başlyk (basyrgyç) bilen basyrmaly. Içine pamyk salyp mahmaldan, başga materiallardan edilýän basyrgyçlary ulanmaly däl. Kendir matadan basyryk çaýyň düzümindäki adama peýdaly efir ýaglarynyň uçup gitmezligi, beýleki jana derman üç ýüz komponentiň hilini üýtgetmezligi üçin gerek. Mazaly demini alan çaý hakyky çaýa öwrülip keýpiňize keýp, güýjüňize güýç goşar.

Burçak-burçak derläp içen çaýyňyz janyňyza noş bolsun!

Nadira Rahmedowa,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Çärjew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: