Çary Babaýew we kämil saz gurallar.
Çary Babaýew ömrüni türkmen saz sungatyna hyzmat etmeklige bagyşlan şahsyýetleriň biri, köp ýyllaryň dowamynda dürli ýolbaşçy işlerde işlemek bilen bir hatarda, esasan, halypa mugallym, milli saz gurallarymyzy kämilleşdiriji we ol gurallar üçin saz eserlerini dörediji hökmünde tanalýar.
Çary Babaýew 1974-nji ýylda M. Aşrafy adyndaky Daşkendiň döwlet konserwatoriýasyny kakuwaçly (plektrli) dutar, kaşgar rubaby we halk saz gurallary orkestriniň dirižýory ýaly üç hünär boýunça tamamlaýar. Ol Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynda ilkinji bolup kakuwaçly dutar, bas dutar hünärleri ýola goýup, bu ugurlar boýunça okadyp başlan we professoryň wezipesini ýerine ýetiriji derejä ýeten halypadyr. Onuň ýetişdiren, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde zähmet çekýän şägirtleriniň arasynda Milli saz bäsleşikleriniň ýeňijileriniň ençemesi bar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda milli saz mirasymyza üns berilip başlanmagy, täze eýýamy has belent perdede ýaňlanýan saz gurallary arkaly wasp etmek maksady bilen 1994-nji ýylda Halk saz gurallaryny kämilleşdirmek, onuň täze nusgalaryny oýlap tapmak boýunça ýörite ylmy bölüm açyldy. Bu jogapkärli işe Ç. Babaýew ýolbaşçy bellenilýär. Onuň ýolbaşçylygynda ylmy bölümiň işgärleri taýýarlaýan saz gurallaryny ýurdumyzda ösýän we bar bolan ýerli materiallardan ýasamaklygy ýola goýdular we gysga wagtyň içinde gowy netijeler gazandylar. Olar dutarlar maşgalasyna degişli saz gurallarynyň 11 görnüşini taýýarlap, sazçylyk okuw mekdeplerine, saz toparlaryna ulanmaklyga hödürlediler. Ç. Babaýew milli saz gurallarymyzyň täze döredilen nusgalaryny mahabatlandyrýan, ol saz gurallarynyň tebigy aýratynlyklaryny, mümkinçiliklerini doly açyp görkezýän, galyberse-de, ýerine ýetirijilik tilsimleri arkaly ýaşlaryň ussatlygyny artdyrmaga gönükdirilen plektrli dutar saz guraly we halk saz gurallary orkestri üçin “Konsert-fantaziýa”, “Dostluk mukamy”, “Garaşsyzlyk rapsodiýasy” ýaly iri göwrümli eserleri we dürli žanrlarda dürli gurallar üçin ýazylan döwrebap sazlaryň onlarçasyny döretdi. 1986-nji ýylda Ç. Babaýewiň “Plektrli dutary çalmagy öwrenmegiň mekdebi” atly okuw kitaby neşir edildi. Mundan başga-da “Bas dutar üçin etýudlar”, “Häzirki zaman türkmen sazlary” (kakuwaçly dutar üçin), “Türkmen saz üçin sazlar”, “Ud dersligi” ýaly ýygyndylary hem saz repertuarlarynda uly ähmiýete eýedir.
Kämilleşdirilen dutar üçin “Garaşsyzlyk joşguny” atly ýygyndy Ç. Babaýewiň dürli ýyllarda döreden 15 sany sazy ýerleşdirilip, olaryň ilkinji 9 sanysy kakuwaçly dutar, 4 sanysy kämilleşdirilen dutar üçin niýetlenendir. Ýygyndyny kämilleşdirilen dutar, kakuwaçly dutar hem ud üçin ansambl jemleýär. Bu ýygyndy çagalar sazçylyk, sungat mekdepleri we ýörite sungat mekdepleri, şeýle hem höwesjeň sazandalar üçin saz gollanmasy bolup hyzmat edýär.
Milli saz gurallarymyzy kämilleşdirmek bilen bagly gazanylan üstünlikleriň biri hem 4 kirişli ,,Çarbag” gyjagynyň (ussasy Juma Orazow) döredilmegidir. Gyjagyň ,,Çarbag” adynyň 2 düşündirilişi bar. Olaryň birinjisi ,,Çary Babaýewiň gyjagy” diýen jümläniň gysgaldylan görnüşi bolsa, ikinjisi Türkmenistan ýurdumyz göz öňünde tutylyp, ,,Çar bagly, gözel ýurt” diýen manyny aňladýar. ,,Çarbagda” öňden ulanyp gelinýän orkestr gyjagynyň( kemençäniň) kädi gurlyşyna üýtgetme girizilýär. Bu gyjagyň kirişleriniň düzülişiniň öňki orkestr gyjagynyňkydan tapawutlanmagy milli sazymyzyň häsiýetli aýratynlyklaryny saklamaga gönükdirilipdir.
Parasatly türkmen halkymyz maddy we ruhy gymmatlyklaryň ençemsini döredipdir. Olaryň arasynda milli saz gurallarymyz aýratyn orna mynasyp bolup, olarda ýaňlanýan täsin, şirin owazlar türkmen halkynyň arzuwlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Beýik ösüşler, özgerişler Berkarar döwletimziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny ýürek aýdymyna öwren halkymyzyň gadamyna bat goşýar.
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Muradowa Arzuw.