JEMGYÝET

Çärjewli zenan ― ýerden ýokary hasyl almagyň ussady

Çärjew etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi hem-de 4-nji kärendeçiler toparynyň ýolbaşçysy Enejan Sultanowa 14 ýyldan bäri kärende ýerinden ýokary hasyl alyp gelýär. Ol 2023-nji ýylda her gektardan 52 sentner gowaça hasylyny alan bolsa, geçen oba hojalyk ýylynda 56 sentnerden hasyl alyp, görkezijilerini has-da gowulandyrdy.
Onuň daýhançylykdan döwlet tapan agzybir maşgalasy bar. Ýanýoldaşy Ildarjan hem 20 gektar kärende ýerinde ýylyň-ýylyna bol pagta hasylyny ýetişdirýär. Geçen ýyl hem her gektardan 50 sentner hasyl almagyň hötdesinden geldi. Enejanyň hem-de Ildarjanyň hersiniň adyna 4 gektardan bugdaý ekilen kärende ýeriniň bardygyny hasaba alanymyzda, kärendeçiler maşgalasynyň çekýän zähmetine sarpaň has-da artýar. Geçen ýyl Ildarjan her gektardan 45 sentner bugdaý hasylyny ýetişdiren bolsa, Enejan her gektardan 50 sentner hasyl alyp, guşgursak ak bugdaýy Watan harmanyna tabşyrdy.
— Bulardan başga-da birnäçe ýyldan bäri şaly ekmek bilen gowy netijeleri gazanyp gelýärin. Geçen ýyl hem 6 gektaryň her gektaryndan 50 sentnerden hasyl aldym. Elbetde, ýüpek gurçugyna ideg etmekden hem daşda durmaýarys. Geçen ýyl 50 gram ýüpek gurçugyny alyp, Watanymyzyň kümüşsöw çäjine 150 kilogram pile tabşyrdym. Kärende ýerimiziň daş-töweregine tut agaçlaryny ekip, her ýyl hem möwsümde ýüpek gurçugyny iýmitlendirmekde netijeli peýdalanýarys. Bu hysyrdyly işde hem maşgala agzalarymyz ýakyndan ýardam berýärler — diýip, tejribeli daýhan welaýat gazetiniň habarçysyna gürrüň berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: