JEMGYÝET

Çärjewli ussanyň agaç önümlerine hyrydar kän

Çärjew etrabynyň Ýaňyaryk obasynda ýaşaýan ussa Polat Pazylow ata-babalarymyzdan miras galan agaç ussaçylygy senedini dowam etdirýär. Ol bu käri çagalygyndan obanyň ussalarynyň ýanyna gatnap öwrenipdir. Häzirki wagtda Polat ussanyň ussahanasynda ilatyň sargytlary esasynda tikeçler, oklawlar, han tagtalary, stollar, oturgyçlar we dürli görnüşli öý-hojalyk esbaplary taýýarlanylýar. Ussa önümleriň berk we hil taýdan ýokary bolmagy üçin erik, tut, tal, arça, çynar ýaly agaç görnüşlerinden peýdalanýar.
Polat Pazylow häzirki wagtda öz hünäriniň inçe syrlaryny ýaş nesillere hem öwredýär. Onuň ussahanasynda özbaşdak ussaçylyk ýoluna düşen şägirtleri bilen birlikde bu käre höwes bildirýän 10 — 12 ýaşly çagalar hem hünär endiklerini artdyrýarlar. Ussanyň maşgalasy hem onuň zähmet ýolunda ýakyn goldawçysy bolup durýar. Polat ussanyň ýanýoldaşy Nargül ene onuň her bir önüme uly yhlas siňdirýändigini belleýär.