Çärjewli okuwçy aşhana galyndylaryny organiki döküne öwürmegiň tehnologiýasyny işläp düzdi
Çärjew etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Agabek Atajanow hem iýmit taýýarlanylanda, emele gelýän aşhana zyňyndylaryny çüýretmek we ony organiki dökün hökmünde medeni ösümlikleri ösdürmekde peýdalanmagyň bähbitlidigini tejribeler arkaly ylmy nukdaýnazardan öwrendi.
Netijede ol aşhana zyňyndylaryndan medeni ösümlikler üçin organiki dökün taýýarlap boljakdygyny tejribeler arkaly aýdyňlaşdyrdy. Onuň tejribeleri esasynda alnan organiki dökün arzan we ekologiýa taýdan arassa hasaplanylýar.
— Alan organiki dökünimizi zyýansyzlandyrmak maksady bilen oňa sogandan, sarymsakdan, ajy gyzyl burçdan we üzärlikden taýýarlan erginlerimizi yzygiderli sepip durduk — diýip, Agabek Atajanow ylmy esasda geçiren tejribesi barada gürrüň berýär. — Taýýarlan dökünimiziň täsirini bilmek üçin ony iş ýüzünde synagdan geçirdik. Munuň üçin şu dökün sepilen we sepilmedik topragy saýladyk. Biziň dökünimiziň ulanylan ýerinde ekilen pomidoryň, bolgar burçunyň, noýbanyň, jöweniň ösüşi we hasylynyň möçberi görnetin tapawutly boldy.