Çärjew etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Şöhratjan Hemrakulyýew daýhançylykda baý tejribe toplap, ýokary netijeleri gazanýan kärendeçileriň biri hökmünde tanalýar. Orta mekdebi tamamlandan soň daýhançylyk kärine başlan Ş.Hemrakulyýew işiniň daşyndan Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde okap, ykdysadyýetçi-hasapçy hünärini hem ele aldy.
Ol häzirki wagtda daýhan birleşiginden 50 gektardan gowrak ýeri kärendesine alyp, onuň 42 gektaryna bugdaý, 8 gektaryna bolsa gowaça ekip, ideg işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barýar. Tejribeli kärendeçi sürüm, tekizleýiş, mineral we organiki dökünler bilen iýmitlendirmek ýaly işleri öz wagtynda ýerine ýetirip, ekinlerden bol hasyl almagyň aladasyny edýär.
Ş.Hemrakulyýewiň geçen ýylky netijeleri hem onuň zähmetsöýerligini görkezýär. Ol 30 gektar bugdaýly meýdanyndan 148 tonna, 15 gektar gowaça meýdanyndan bolsa 73 tonna hasyl alyp, döwlet harmanyna tabşyrdy. Şeýle hem geçen ýyl 170 gram ýüpek gurçugynyň tohumyny idedip, 500 kilogramdan gowrak pile tabşyrmagy başardy.
Kärendeçi şu ýyl hem bugdaýyň ýokary hasyl berýän saýlantgy tohumyny ekip, gowy gögeriş aldy. Häzirki wagtda bugdaýlar başa durup, gowaçalar hem hataryny dogurlap, ýerden saýlanyp başlady. Ş.Hemrakulyýewe bu işlerde maşgalasy — Rana, ogullary Merdan, Serdar, gelinleri Şerapat, Gunça dagy ýakyndan ýardam berýärler.
Çärjewli oba hojalykçy toprakdanam, ýüpek gurçugyndan hem bol önüm alýar
02
May

