BILIM

Çärjewli mugallym ýurduň baş neşiri tarapyndan yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Çärjew etrabynyň 24-nji orta mekdebiniň mugallymy Mahym Rozyýewa «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen bilelikde yglan eden «Zenan — Zeminiň zynaty» atly döredijilik bäsleşiginiň ikinji ornuna mynasyp görüldi. Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen sylaglaýyş dabarasynda bäsleşigiň beýleki ýeňijileri hem yglan edildi. Baş baýraga şahyr Oguljemal Çaryýewa we habarçy Keýik Umarowa mynasyp boldular. Birinji orna maýor Aknur Rozyýewa, iňlis dili mugallymy Maksuda Töräýewa we aspirant Aýsenem Gurbanowa dagylar mynasyp görüldi.
Bäsleşigiň ikinji ornuna Çärjewli mugallym bilen bir hatarda ylmy işgär Nurgözel Saparowa we mugallym Gülzada Gowşudowa hem mynasyp boldular. Üçünji orny bolsa mugallym Maýagözel Saparmuhammedowa, uly habarçy Mahym Begliýewa we mugallym Jänegül Gurbanowa eýelediler. Eminler topary tarapyndan seljerilen makalalardyr oçerklerde milli gymmatlyklary gorap saklamak, maşgala mukaddeslikleri we zenanlaryň jemgyýetçilik başlangyçlary baradaky mowzuklara üns berildi. Dabaranyň ahyrynda ýeňijilere Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.