44 ýyldan bäri Çärjew etrabynyň 10-njy orta mekdbeinde bedenterbiýe mugallymy bolup işleýän Begmurat Altyýew 1 gektar meýdandaky bagynda dürli miweleriň 460-a golaý düýbüni ýetişdirýär. Ol etrabyň Nobat Gutlyýew adyndaky geňeşliginiň adybir obasynda hem tejribeli mugallym, hem ussat bagban hökmünde tanalýar.
Ol çagalygyndan mekdepdäki okuw bilen hojalygyndaky işleri utgaşdyrmagy öwrendi. Hut şol ýyllarda ol bagbançylygyň başlangyç endiklerini hem ele alypdy. Şol tejribesi oňa 1997-nji ýylda «Lebap» daýhan birleşigindäki 1 gektar meýdanda bag ýetişdirip başlan döwründe uly ýardam beripdi.
Begmurat bagban işden boş wagtynyň köp bölegini eýelik edýän bagynda geçirýär. Häzirki günlerde hem miweli agaçlara ideg etmek işlerini dowam etdirýär. Öz tejribesini gününi sanap ösýän agtyklaryna-da öwredýär.
Çärjewli mugallym 1 gektarlyk bagynda 460 düýn bag ýetişdirýär

16
Jan