JEMGYÝET

Çärjewli körpeler Lebabyň iň «bilgirjeleri» boldular

Welaýat baş bilim müdirliginiň çagalar baglarynda terbiýelenilýän körpeleriň arasynda yglan eden «Körpe bilgirje» bäsleşiginiň welaýat boýunça jemleýji tapgyry geçirildi.

Ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň söz baýlygyny ösdürmek, zehinlerini ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşige onuň etrap, şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan körpeler gatnaşdylar. Olar matematika amallaryny ýerine ýetirmek, aýdym aýtmak boýunça bäsleşdiler. Şeýle-de dürli mowzukda sowal-jogap alşylyp, çagalaryň bilim derejesi seljerildi.

Netijede, Çärjew etrabyndaky 5-nji çagalar bagynyň körpeleri birinji, Dänew etrabyndaky 13-nji çagalar bagynyň körpeleri ikinji, Darganata etrabyndaky 1-nji çagalar bagynyň körpeleri üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: