MEDENIÝET

Çärjewli kitaphanaçylar göçme hyzmatlary guraýarlar

Çärjew etrabynyň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçylary tarapyndan etrabyň ýaşaýjylarynyň
öýlerine baryp hem hyzmat edilýär. 40 müňden gowrak kitap gory bolan kitaphanada okyjylaryň
müňlerçesi bellige alyndy. Olaryň arasynda mundan birnäçe ýyl ozal okyjylaryň hataryna girip,
häzirki wagtda saglyk ýagdaýy ýa-da ýaşy sebäpli kitaphana yzygiderli gelip bilmeýän okyjylar
hem bar. Şeýle okyjylara kitaphanaçylar olaryň öýlerine baryp hyzmat edýärler.
Ýakynda etrabyň N.Gutlyýew adyndaky geňeşliginde ýaşaýan okyjylarymyzyň öýlerinde göçme
hyzmatlary edip, olaryň ruhy islegleri kanagatlandyryldy. Şeýle-de pensioner, saglyk ýagdaýy we
mümkinçilikleri çäkli okyjylarymyza gyzyklanýan çeper eserler gowşuryldy. Okyjylar Gahryman
Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň döwet galamyndan çykan eserlere aýratyn
gyzyklanma bildirýärler. Kitaphanaçylar, gerek bolsa, göçme sesli okaýyşlary hem guraýarlar.