YKDYSADYÝET

Çärjewli kärendeçiler üstünlikli zähmet çekýärler 

Çärjew etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň kärendeçileri şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýärler. Şu oba hojalyk ýylynda etrapda, esasan hem, gowaçanyň «Ýolöten-39», «S-2606» görnüşleri ekilip, öz wagtynda geçirilen agrotehniki çäreler oňyn netije berýär.
 Daýhan birleşigi boýunça 1850 gektar ýerde gowaça ekilip, ondan 6000 tonna hasyl almaga borçlanýarlar. Häzirki wagtda 3700 tonna hasyl Watan harmanyna tabşyryldy. Pagta ýygymynda kärendeçiler toparlarynyň 17-sinde pagtaçy-kärendeçileriň 704-si yhlasly zähmet çekýär. 
 Daýhan birleşiginiň 7-nji kärendeçiler toparynyň pagtaçy kärendeçileriň 73-si zähmet çekip, 189 gektar ýerde şu ýyl hem bereketli hasyly kemala getirdiler. Kärendeçileriň maksady 393 tonna hasyl tabşyrmakdan ybarat. Şonuň 238 tonnasyny harmana tabşyryldy.