Çärjew etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Azat Joraýew ildeşleri bilen öz ýürek buýsanjyny paýlaşdy.
— Daýhançylyk — meniň ata-baba kärim. Rysgal-berekedi, sylag-hormaty şu döwletli ýörelgämizden, ene ýere bolan yhlasymdan tapdym. Bu mukaddes hünärimiň arkasyndan maňa 2022-nji ýylyň 18-nji iýunynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen didarlaşmak bagty hem miýesser etdi. Hormatly Prezidentimiz welaýatymyza amala aşyran iş saparynyň dowamynda kärende ýerime gelip, bugdaý oragyna ak pata berdi. Şeýle-de daýhançylyk işlerimiz we maşgala ýagdaýymyz bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyzyň uly ynamyndan ruhlanyp, gijämi-gündiz edip yhlasly zähmet çekýärin. Daýhan birleşiginden kärendesine alan ýerimde her ýylda gowaçadan we bugdaýdan bol hasyl alyp gelýärin. Şu ýyl hem bugdaýdan boşan ýeriň 4 gektaryna kelemdir şugundyr, 3 gektaryna käşir, 2,5 gektaryna bolsa mäş ekdim. Ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etdim. Suwy, döküni öz wagtynda kemsiz ýetirilen, haşal otlardan arassalanylan ekinlerimiň ählisi hem bol hasyl getirdi.
«Yhlasa — myrat» diýleni, azabym ýerine düşdi. Häzirki wagtda mäşden 2,5 tonna, käşirden 100 tonna golaý, şugundyrdan hem 90 tonnadan gowrak hasyl aldym. Kelemiň bolsa her gektaryndan 70 — 80 tonna golaý hasyla garaşýaryn.
Çärjewli kärendeçi ýürek buýsanjyny paýlaşdy

07
Nov