YKDYSADYÝET

Çärjewli kärendeçi her gektardan 35 sentner «ak altyn» almagy meýilleşdirýär

Çärjew etrabynyň «Miras» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Şirin Jumaýewa şu ýyl özüne berkidilen ýerden 10,5 tonna pagta tabşyrmagy meýilleşdirýär.

25 ýyllyk iş tejribesi bolan kärendeçi zenanyň 3 gektar ýeri bar. Ol her gektar başyna 35 sentnerden hasyl tabşyrmagy göz öňünde tutýar.

— Gowaçanyň çöpi orulan badyna dessine geljek ýylyň hasylynyň aladasy bilen ekin ýerini suwarmaly. Şol wagt atyzyň beýikli-pesli ýerleri mese-mälim bolup durýar. Olary belläp çykmaly, sürümden soň bolsa ony tekizlemeli. Şonda atyzyň hemme böleklerine suw deň barýar. Bu bolsa ekiniň deň yzgar almagy, kadaly iýmitlenmegi üçin örän möhümdir. Şeýdilende, ähli ekinler deň ösýär — diýip, Şirin Jumaýewa welaýat neşiriniň habarçysyna gürrüň berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: