Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Dilraba Jumaýewa Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň gowşurylyş dabarasynda şatlygyny «Türkmenistan» gazetiniň habarçysy bilen paýlaşdy.
Neşirde ýazylyşy ýaly, ol döwlet sylagynyň gowşurylan gününi ömrüniň hiç haçan ýatdan çykmajak güni hasaplaýar.
― Gowşurylan bu ýokary döwlet sylagyny çeken zähmetime goýulýan sarpanyň nyşany diýip hasap edýärin. Bu meni indiki ýyllarda hem önjeýli işlemäge, bol hasyl almaga ruhlandyrýar ― diýip, kärendeçi aýtdy.
Dilraba Jumaýewa şu ýyl maşgalasy bilen 8,5 gektar ýerde gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirdi. Bu ýylda her gektardan 3 tonna 800 kilogram pagta ýygnamagyň ýerine 4 tonna 400 kilogram «ak altyny» Watan harmanyna tabşyrdy.
― Munuň şeýle bolmagy döwletimiz tarapyndan berilýän kömek-goldawlaryň, agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilendiginiň, dökünler, suw bilen ýeterlik derejede üpjün edilmeginiň netijesidir ― diýip, ol şatlygyny paýlaşýar.
Çärjewli kärdendeçi: «Üstünlikler ― döredilýän mümkinçiligiň miwesi»
11
Nov
