SPORT WE SYÝAHAT

Çärjewli gyz Germaniýada geçirilen ýaryşda bürünç medala mynasyp boldy

Dzýudo boýunça Germaniýanyň Berlin şäherinde ýetginjekleriň arasynda geçirilen Ýewropanyň kubogy, onda 16 ýaşly türkmenistanly gyzyň bürünç medala mynasyp bolan tutluşygy hemmeleriň ünsüni özüne çeken ýaryşlaryň biri boldy. Sport ýolunda ilkinji halkara üstünligini gazanan ýaş türgen ― Oguljan Ruslanowanyň çykyşyna eminler tarapyndan ýokary baha berildi.
Çärjew etrabyndaky 61-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy 70 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşdy. Bu agram derejesine 16 ýurtdan 39 türgeniň wekilçilik edendigini aýratyn nygtamak gerek. Olaryň arasynda halkara ýaryşlarda baý tejribesi bolan dzýudoçylar hem bar. Muňa garamazdan, geljegine uly ynam bildirilýän ildeşimiz güýçli bäsdeşleriniň 5-sinden üstün çykyp, hormat münberiniň üçünji basgançagyndan orun almagy başardy.
Germaniýaly Sweni Kedingi, lýuksemburgly Lara Katerina Malçagy, Leni Welteri we latwiýaly Alesýa Winselwinsi ýeňen ildeşimiz fransiýaly Aleksandra Žoffruany hem ýeňip bilen bolsa, altyn medal üçin göreşe goşulardy. Ýöne bu utulyş oňa bürünç medal ugrunda göreşmek mümkinçiligini berdi. Şu ýaryşdaky ýeke-täk utulyşyndan sapak alan Oguljan Ruslanowa gazagystanly Gülsezim Turlybegi ýeňip, bürünç medalyň eýesi boldy. Fransiýaly türgeniň kümüş medal gazanan ýaryşynda bolsa hormat münberiniň birinji basgançagyna italiýaly
Jorjiýa Grassi çykdy.
Geçen ýyl Täjigistanyň Duşenbe şäherinde geçirilen halkara ýaryşda hem öz ukyp-başarnygyny synap gören Oguljanyň ilkinji halkara üstünligi onuň bütindünýä reýtingindäki ornuna hem täsirini ýetirdi. Bu ýaryşdan soň ol özagram derejesinde dünýäniň iň güýçli ýetginjek dzýudoçy  gyzlarynyň arasynda 46-njy orna çenli göterildi.
Ýeri gelende, Ýewropanyň kubogy ugrundaky ýaryşda 44 kilograma çenli agram derejesinde Ejegyz Geldiýewanyň ilkinji 7-lige girendigini hem aýtmak gerek.