Çärjewli Ereşgül ene 103 ýaşap barýar
Çärjew etrabynyň Nobat Gutlyýew adyndaky geňeşliginiň Saýatly obasynda ýaşaýan, döwletli ojagyň eýesi Ereşgül Öräýewa, nesip bolsa, ýene dört aýdan 103 ýaşaýar. Bagtyýar enäniň 5 perzendinden 22 agtygy, 57 çowlugy, 6 ýuwlugy bar.
Ereşgül ene 1922-nji ýylyň 1-nji iyulynda Çärjew etrabynyň Farap şäherinde eneden dogulýar. Ýaşlygy uruş ýyllaryna gabat gelen Ereşgül ene çagalykdan saýlandygy maşgalanyň keşigi bilen birlikde meýdan işlerinde-de ýadawsyz zähmet çekýär.
Köki çeşmä ýeten daragt ýaly Ereşgül ene öz nesil dowamatyna ak ýürekden guwanýar. Her ýylyň 8-nji martynda bolsa perzentleri gül çemenleri bilen enesiniň baýramyny gutlamaga howlugýarlar. Ene şu pursada sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny buýsanç bilen aýdýar.