Çärjew etrabynyň S.A. Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň 16-njy kärendeçiler toparynyň kärendeçisi Şöhrat Hemrakulyýew şu ýyl 31 gektar ýerindäki bugdaýyndan 140 tonna hasyl ýygnady.
Geçen ýyl bolsa bugdaý oragyndan soň 22 gektar meýdana şaly ekip, 170 tonna hasyl almagy başardy. Etrapda birinji bolup şaly tabşyran daýhan hökmünde at-abraýa eýe boldy. Bu ýyl hem ol bugdaýyň yzyna 5 gektar meýdana mäş ekdi.
Şöhrat Hemrakulyýewiň 31 gektar bugdaý, 15,5 gektar gowaça meýdanynda işi diňe ekmek we ormak bilen çäklenmeýär. Ol kärende ýerleriniň gyralarynda 1 müň 200 düýp tut agajyny ösdürip ýetişdirdi. Tut agajy ýüpek gurçuklaryny idetmäge hem uly mümkinçilik döredýär. Şöhrat aga tut agaçlarynyň ýany bilen
200 düýp ülje, 100 düýp alma nahalyny-da ýetişdirdi. Her ýyl bu baglardan bol hasyl alýar, her agaç 50 — 100 kilogram aralygynda miwe berýär.
Tejribeli daýhanyň ogullary-da kakasynyň ýoluny mynasyp dowam etdirýärler. Uly ogly Serdar — ökde suwçy. Ikinji ogly Merdan öz hojalygyndaky traktoryna erk edýär, ýer sürýär, ekin ekýär, tehnika bilen ekinleriň idegini ýetirýär. Gelinleri Gülşat bilen Gunça, şeýle-de ýanýoldaşy Rano gelneje-de oba hojalyk
işlerinde egin-egne deňläp, zähmet çekýärler. Bu maşgala ekerançylygyň daşyndan, ýüpekçilikde-de etrapda öňdeligi eýeleýär. Hemrakulyýewler şu ýyl 200 gram ýüpek gurçugyndan 500 kilogram pile almagy başardylar. Agzybir maşgalanyň döwletli ojagynda hem işler oňat ýola goýlupdyr. Ýyladyşhanasynda pomidor, hyýar ýetişdirýärler, 20-ä golaý iri şahly mal idedilýär. Şöhrat aga daýhançylygyň ata-babalarymyzdan galan tejribesine daýanyp, ýaş gowaçalara dersi çüýredip, mineral dökünleri şerbet suwuna garyp berýär. Bu bolsa hasyl gülleriniň dökülmeginiň öňüni alýar.
Şu günler Şöhrat aga ogullary we doganlary bilen bilelikde gowaçaly meýdanlarynda suw tutmak işlerini alyp barýar. Geçen ýyl onuň gowaçanyň her gektaryndan alan hasyly 45 — 50 sentnerden gowrak boldy. Bugdaýly meýdanlary hem eçilibilenini eçildi. Topar ýolbaşçysy Tursunbaý Seýidow tejribeli daýhanyň ýaş kärendeçilere hem halypalyk edýändigi, topragy söýmegiň, zähmetiň lezzetini duýmagyň ýoluny öwredýändigi barada bize buýsanç bilen gürrüň berdi.
Çärjewli daýhan oba hojalyk ekinleriniň birnäçe görnüşini ýetişdirýär

04
Jul