BILIM

Çärjewli çagalar hünär gurnaklaryna höwesjeň gatnaşýarlar

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde bilim alýan okuwçylaryň bir ýa-da birnäçe ugurdan hünär edinmeklerinde etrap bilim bölümleriniň garamagyndaky çagalar we ýetginjekler döredijilik öýleriniň ähmiýeti uludyr. Bu babatda Çärjew etrabynyň çagalar we döredijilik öýünde hem netijeli işler alnyp barylýar.
Häzirki wagtda bu ýerde gurnaklaryň 34-si hereket edýär. Olara gatnaýan,
hünär öwrenýän çagalaryň sany bolsa 1 müň 600-den geçýär. Gurnaklara
gatnaýan çagalara tejribeli bilim işgärleriniň 30-dan gowragy hünär öwredýär.
Bu ýerde alnyp barylýan işleriň netijelidigini yzygiderli geçirilýän bäsleşikler
hem tassyklaýar. Etrap, welaýat derejeli bäsleşiklerde bu döredijilik öýüniň
agzalary hemişe öňdäki orunlary eýeleýärler. Ata-eneler hem bu ýerde
çagalaryna hünär öwredilişinden razy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: